Ermenistan we Azerbaýjan arasynda, iki ýurduň liderleri 8-nji awgustda ABŞ prezidenti Donald Tramp tarapyndan Ak tamda kabul edilende, bu ýurtlaryň arasynda onlarça ýyl bäri dowam edýän çaknyşygy soňlajak, ABŞ araçylygyndaky, parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmegine garaşylýar.
Ermenistanyň premýer ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew “ykdysady mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmek, şeýlelikde Günorta Kawkaz sebitiniň kuwwatyny doly açmak” maksady bilen Birleşen Ştatlar bilen arada ylalaşyklara gol çekerler diýip, Tramp 7-nji awgustda “Truth Social” ulgamynda aýtdy.
“Ençeme lider urşuň soňuna çykmaga çalyşdy, başa barmady, ýöne ‘TRAMP’ saýasynda, indi beýle däl” diýip, Tramp ýazdy we “munuň resmi parahatçylyga gol çekişlik dabarasy” boljakdygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Paşinýan eýýäm Waşingtonda we ol 7-nji awgustda Injil muzeýine baryp gördi diýip, onuň metbugat gullugy aýtdy.
Parahatçylygy we abadançylygy ösdürmek
Gulluk 6-njy awgustda Paşinýanyň Birleşen Ştatlara sapar etjekdigini hem-de onuň “sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we abadançylygy ösdürmek maksady bilen” Tramp bilen ikitaraplaýyn, Tramp we Aliýew bilen bilelikde üçtaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdigini aýtdy.
Ýöne, Trampyň 7-nji awgustdaky sosial media postuna çenli, üç hökümetiň hiç haýsy parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilip-çekilmejekdigi barasynda anyk beýanat bermändiler.
Ykdysady ylalaşyklar Günorta Kawkazda 1990-njy ýyllardan bäri ýapyk galýan strategiki taýdan möhüm ulag geçelgesiniň gaýtadan açylmagyna ýol açyp biler.
Media habarlarynda anonimlik şertinde sitirlenýän bir ABŞ resmisine görä, bu ylalaşyklaryň netijesinde Birleşen Ştatlar Zangezur geçelgesiniň ösdürilmegi boýunça kireý hukuklaryna eýe bolar hem-de geçelge Halkara parahatçylygy we abadançylygy ugrunda Tramp ýoly (TRIPP) atlandyrylar.
Bu geçelge bilen Azerbaýjan Nahçiwan sebitine birikdiriler. Bu sebit 32 kilometr giňlikdäki ermeni territoriýasy bilen Azerbaýjandan aýraçylykda tutulýardy. Geçelge soňy bilen demir ýoluny, nebit we gaz geçirijilerini, optiki süýümli aragatnaşyk liniýalaryny öz içine alyp, harytlaryň daşalmagyna, soňra bolsa, adamlaryň hereketine mümkinçilik döreder.
Ylalaşyk Birleşen Ştatlardan üstaşyr geçelgäniň gurluşygy üçin töleg talap etmeýär, ýöne bu taslamalara hususy korporasiýalaryň gatnaşmagyna çagyrýar. Bu ylalaşyk ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň şu ýyl Bakuwa amala aşyran saparyndan soň, şeýler-de, taraplaryň arasynda dowamly geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanyldy.
Uruşdan soň ýaralaryň bejerilmegi
Ermenistan we Azerbaýjan 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, garaşsyzlyk alaly bäri, Dagly-Garabag sebitiniň üstünde iki gezek uruşdylar.
Günorta Kawkazda ýerleşýän bu iki döwlet 2020-nji ýylda bolup geçen iň soňky iri ýaragly çaknyşygyň tamamlanmagynyň yz ýany, etniki ermenileriň dawaly sebiti terk etmeginden soň, özara gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda möhüm ädim ätdiler. Ýerewandaky resmiler indi bu sebiti Azerbaýjan territoriýasy hökmünde ykrar edýär.
Tamamlanylmagy halkara derejesinde magtalan parahatçylyk ylalaşygynyň teksti, ýyllarboýy dowam eden ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň, mart aýynda yglan edilen-de bolsa, bu dokumende heniz gol goýulmady.
Azerbaýjan bu resminama gol çekmegi gaýta-gaýta şerte baglap, Ermenistandan 1990-njy ýylyň Garaşsyzlyk jarnamasyna degişli sözleri öz Konstitusiýasyndan aýyrmagy (bu jarnamada Sowet Ermenistan bilen Dagly-Garabagyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda 1989-njy ýylda kabul edilen birleşme namasy sitirlenýär), şeýle-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Minsk toparynyň dargadylmagyna razy bolmagy talap edip geldi. Dagly-Garabag çaknyşygynyň gepleşik arkaly çözülmegi ugrunda onlarça ýyl bäri iş alyp barýan ýeke-täk halkara araçy gurama bolan topara Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Russiýa ýolbaşçylyk edýärdi.
Ermenistan iş ýüzünde bu talaplaryň ikisine-de razy boldy, ýöne, muňa garamazdan, öňümizdäki birnäçe ýylyň dowamynda täze konstitusiýanyň kabul edilmeginiň, prinsip meselesi bilen baglylykda, Ermenistanyň öz içerki meselesi bolup galmalydygyny, şeýle-de parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilen badyna, şol bir wagtda, Minsk toparyny dargatmak boýunça ÝHHG-a bilelikde ýüzlenme bermegiň mümkindigini aýdyp gelýär. Ýöne bu meseleler jemleýji ylalaşyga böwet bolup gelýän ýeke-täk mesele däl.
Serhet meseleleri
Ermenistan we Azerbaýjan, ilkinji gezek, 2024-nji ýylyň bahar-tomus aýlarynda demirgazyk araçägiň 13 kilometrlik böleginiň döwlet serhetleriniň ýazgysyny ýazmak we ony karta geçirmek (delimitasiýa) hem-de olary ýerinde kesgitlemek (demarkasiýa) işlerini ýerine ýetirdi. Bu tagallalar diplomatik öňe gidişlik hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.
Taraplaryň ikisi-de serhetleriň delimitasiýa we demarkasiýa prosesini dowam etmek boýunça ylalaşdylar, ýöne soňky bir ýyl bäri, araçägiň beýleki tarapynda – Ermenistanyň öz 200 inedördül kilometrlik territoriýasynda Azerbaýjanyň basyp alyjylygy dowam etdirýändigini ileri sürýän böleginde – öňe gidişlik gazanylmady.
Ermeni oppozisiýasy dawaly serhet demarkasiýalaryny hem-de Ýerewanyň diplomatik göçümlerini “boýun synma” hökmünde ýazgaryp, Paşinýanyň wezipeden çekilmegine çagyryş etdiler. Ýöne, 2024-nji ýylyň maý we iýun aýlarynda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda bolup geçen köçe protestleri soňy bilen sowaşdy, ermeni premýer ministri öz hökümetiniň Azerbaýjan bilen arada durnukly parahatçylygy gazanmak ugrunda tagalla edýändigini aýtdy. Bu tagallalar jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar.
Zangezur geçelgesi
Moskwanyň araçylygynda 2020-nji ýylda gazanylan ýaraşyk ylalaşygynyň bir maddasyna laýyklykda Ermenistan Azerbaýjan bilen onuň Nahçiwan eksklawasynyň arasynda “ulag arabaglanyşygynyň howpsuzlygyny” kepillendirmeli we raýatlaryň, ulaglaryň hem-de ýükleriň iki ugur boýunça hem päsgelçiliksiz hereket etmegini üpjün etmeli.
Azerbaýjan we Türkiýe tarapyndan deňze çykalgalary ýapylan Ermenistan islendik üstaşyr ýoluň tutuş sebit boýunça petiklemeleri açma prosesiniň bir bölegi bolmalydygyny, şeýle-de onuň Ermenistanyň özygtyýarlylygyna, ýurisdiksiýasyna we çäk bitewiligine hormat goýmalydygyny tutanýerlilik bilen aýdyp gelýär. Ýerewandaky resmiler bu pikiri, hatda eksterritorial geçelge düşünjesiniň özüni ret edip gelýärler, olar muny Azerbaýjanyň öz çäklerini üsti ýapyk görnüşde ele geçirmegi hökmünde atlandyrýarlar.
Bu mesele boýunça umumy çözgüt tapyp bilmänsoň, Azerbaýjan we Ermenistan 2024-nji ýylda arabaglanyşyk meselesi bilen parahatçylyk ylalaşygyna aýry-aýrylykda garalmalydygyny mälim etdiler.
2020-nji ýylda kabul edilen ýaraşyk ylalaşygyna görä, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky transport arabaglanyşygyna degişli gözegçilik işleri Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň Serhet gullugyna berildi.
Ýöne, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň girişen hüjüminde rus parahatçylyk goraýjylarynyň etniki ermeni ilatyny gorap bilmän, olaryň çekilmegi ýaly bir topar wakalardan soň, Ermenistan özüniň geosyýasy ugruny üýtgedip, Moskwadan çetleşdi we Günbatar bilen has ýakynlaşdy.
Birleşen Ştatlaryň roly
Uzaga çeken dawalara çözgüt tapmagyň çäklerinde, bu ýoluň dolandyrylmagyna ABŞ-nyň gatyşmak ähtimallygy bilen bagly gürrüňler Paşinýan bilen Aliýewiň 10-njy iýulda Abu Dabide sammit geçiren gabatlary peýda boldy. Bäş sagada çeken gepleşikler, aýdylmagyna görä, arabaglanyşyk meselelerine-de gönükdirilipdir.
ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi Tomas Barrak, iki günorta kawkaz ýurdunyň arasynda parahatçylyk ylalaşygyny gazanmagyň çäklerinde, Waşingtonyň şeýle transport geçelgesi üçin 100 ýyllyk kireý şertnamasyny teklip edendigini aýtdy.
“Olar [Ermenistan we Azerbaýjan] 32 kilometrlik ýol boýunça dawalaşýarlar, bu oýun däl” diýip, Barrak 11-nji iýulda Nýu Ýorkda habarçylara aýtdy. “Bu onlarça ýyl bäri dowam edýär – 32 kilometrlik ýol” diýip, ol belledi.
Paşinýanyň metbugat sekretary Nazeli Bagdasarian kireý düşünjesini ret etdi, ýöne 16-njy iýulda bolan metbugat ýygnagynda ermeni premýeri Birleşen Ştatlaryň Sýunikde adamlaryň we ýükleriň üstaşyr geçirilmeginiň ABŞ kompaniýasy tarapyndan dolandyrylmagyny teklip edendigini tassyklady.
Bagdasarian Ýerewanyň Sýunikden geçýän ýoluň dolandyrylmagynyň üçünji taraplara, şol sanda ABŞ kompaniýasyna ýa-da täze dörediljek bilelikdäki kärhana berilmegine taýýardygyna yşarat etdi, ýöne Ermenistanyň Eýran bilen serhetleşýän ýeke-täk sebiti boýunça özygtyýarlylygy saklamalydygyny nygtady.
“Biz demir ýollar, gara ýollar barada bir topar gürrüňler edýäris, ýöne bu kontekstde biz geçirijiler, elektrik liniýalary, telearagatnaşyk kabelleri barada hem gürrüň edýäris we bu infrastrukturalar döredilmeli we dolandyrylmaly infrastrukturalardyr” diýip, ol aýtdy.
Aliýew hem, öz gezeginde, öz talaplaryny gaýtalady.
“Azerbaýjanyň ýükleri we raýatlary ermeni serhet gullukçylarynyň ýa-da başga biriniň ýüzüni görmäge mejbur bolmaly däl” diýip, ol aýtdy we Ýerewana basyşy täzeledi. “Ol ýerde fiziki kontakt bolmaly däl we biziň adamlarymyz we ýüklerimiz erkin geçip biler ýaly, kepillendirilen howpsuzlyk çäreleri bolmaly” diýip, ol belledi.
Ermeni hökümeti bu öňe sürmeleri ret etdi. Bu aralykda, Ermenistandaky oppozisiýa partiýalary has giň dialoga çagyrýarlar. Olar diňe belli bir ýoluň däl, eýsem, Ermenistana garşy dowam edýän petiklemäni aradan aýyrmak maksady bilen sebitdäki ähli ýollaryň açylmagyna ünsi çekýärler.
Sebitdäki oýunçylaryň reaksiýasy
Durnukly parahatçylyk we Ermenistanyň üsti bilen üstaşyr ýolyň açylmagy nebit-gaz serişdelerine baý bolan Kawkaz sebiti bilen Merkezi Aziýany, Russiýadan we Eýrandan sowa geçip, Ýewropa baglanyşdyryp biler.
Russiýa-da, Eýran-da Ermenistanyň Eýran bilen serhetleşýän strategiki Sýunik sebitine ABŞ-nyň gelmek mümkinçiligine alada beýan etdiler.
Moskwa Waşingtony Ermenistan – Azerbaýjan parahatçylyk ylalaşygyny ele geçirmäge hem-de sebit güýçlerini goşmazlyga synanyşmakda aýyplady.
“Günbatarlylar Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky ylalaşyk prosesini öz taraplaryna geçirmegi maksat edinýärler” diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa 24-nji iýulda beren brifinginde aýtdy. “Biz hem bu ýollaryň nirä çykýandygyny bilýäris... Bu, sebitiň howpsuzlyk ulgamynyň deňagramlylygynyň bozulmagyna getirip biler”
Eýran özüniň Ermenistan bilen serhetleşýän demirgazyk araçägini howp astyna salyp biljek islendik ylalaşyga güýçli garşylyk beýan etdi.
Eýranyň ýokary lideri Aýatollah Ali Hamaneýiniň ýokary derejeli maslahatçysy “sebitiň içindäki we daşyndaky” ýurtlar yslam respublikasy bilen serhetleşýän ermeni sebitiniň üsti bilen Azerbaýjan üçin gury ýer geçelgesini döretmegiň üstünde işlemegi bes etmelidirler diýip, duýduryş berdi.
Forum