Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň deslapky tussaghanasynda saklanýan bendiler aýylganç şertleriň pidasy bolup, alakalaryň tussaglary dişlemegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Tussaglygy başdan geçiren lebaplylar bilen gürrüňdeş bolan habarçymyzyň sözlerine görä, deslapky tussaghanada alakalar örän köp bolup, gabawda oturan adamlar üçin howply ýagdaý döredýärler.
“Kamerada çyralar oçürilmese-de, alakalar bu deşikden başga deşige girip-çykyp aýlanyşyp ýörler. Sakçylar bolsa: 'Gije aýalyňyzyň ornuny tutar' diýip, gülüşýärler" diýip, öňki tussag gürrüň berdi.
Çeşmeleriň ýene biri öňki bendiniň başdan geçiren ýagdaýy barada gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenabat: Ýerzeminde ýerleşýän wagtlaýyn gabawhanada tussaglaryň 'mertebesi kemsidilýär'"Tagtdan ýasalan poluň ýüzünde içi suwdan doldurylan plastik gaplary ýassyk hökmünde ulanyp uklap ýatyrdym, gulagymy bir zat gätdi welin, agyrysyna ýaňa gygyryp oýandym. Gulagymyň aşagynda oturan uly alakanyň tizden deşige çümüp gidenini görüp ýetişdim. Gulagym ganaýardy. Sakçylar maňa ýodyň spirt erginini berdiler we: 'Gaýrat edip hiç kime aýdaýma' diýip, ýalbardylar” diýip, çeşme bendiniň başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler alakalaryň dişlemegi zerarly medisina kömegine mätäç adamlara hassahanalarda zerur kömek berilmeýär diýýärler.
“Inim, deslapky tussaghanada bolan ýagdaý diýip, aýtsaň polisiýa bilen problema dörär. Ondan başga-da sen dessine ýarany dezinfeksiýa edipsiň, eger-de zäherlenen bolsaň bu wagta çenli saňa bir zatlar bolardy” diýip, öňki bendi tussaglykdan soň medisina kömegini aljak bolanda lukmanyň özüne aýdan sözlerini sitirledi.
Tükmenabadyň deslapky tussaghanasynda alakalardan köpdügini şäher polisiýasyndaky çeşme hem tassykady.
“Deslapky tussaghanada adatça tiz-tizden mör-möjeklere garşy dezinfeksiýa edilýär. Emma alaka problemasy ýakynda ýüze çykyp başlady. Ençeme ýyllardan bäri alaka garşy dezinfeksiýa edilmän gelýär. IWS-iň kameralary öz gezeginde elmydama adamlardan doly. Adamlar bar wagty alaka garşy dezinfeksiýa geçirip bolmaýar” diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Degişli maglumat Baýramalynyň türmesinde tussaglar adamkärçiliksiz daraşmalardan şikaýat edýärPolisiýadaky çeşmeleriň sözlerine görä, deslapky tussaghanada dezinfeksiýa arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin, wagtlaýyn tussaglykda saklanýan adamlary “Abdyşükür” türmesine geçirmek hem teklip edilipdir, emma ýolbaşçylar bu teklibi kabul etmändir.
Azatlyk Radiosy alakanyň dişlemeginiň adamyň saglygyna döredip bilýän täsirleri barada lukmanlardan maglumat sorady. Lebaply lukmanlaryň biri şeýle düşündiriş berdi:
“Alaka dişlese adam Sodoku, Stolbnýak, Leptospiroz, Sepsiz we guduzlama ýaly keseller bilen keselläp bilýär. Keseliň görnüşine baglylykda wagtynda lukmana ýüz tutulmadyk ýagdaýlaryň 5 we 50% aralygynda adamy ölüme eltip bilýär” diýip, lukman aýtdy.
Degişli maglumat Seýdiniň LB-K/12 türmesinde gozgalaň boldyTürkmenistanyň türmeleri bendileriň saklanýan şertleri boýunça iň ýaramazlaryň hatarynda agzalýar.
"World Prison Brief" guramasynyň ýyllyk hasabatlarynda türmelerde saklanýan bendileriň köplügi boýunça Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda birinji üçlükde agzalýar. Türmeler boýunça bu bütindünýä hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň her 100 000 adamyna 576 tussag düşýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň türmelerinde saklanýan bendileriň anyk sanyny äşgär etmeýär.
Şeýle-de, halkara guramalarynyň adam hukuklary boýunça hasabatlarynda türkmen türmelerinde tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi, olara adamkärçiliksiz çemeleşilýändigi, adamlaryň janyna howp salýan aýylganç türme şertlerindesaklanýandygy aýdylýar.
Degişli maglumat “Crude Accountability”: Täze hasabat Türkmenistanyň garaňky türme ulgamynyň elhençliklerini paş edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.